Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Watanyň berkararlygyny we şan-şöhratyny dünýä ýaýýan baş baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
TDH-de habar berlişi ýaly, Milli Lider Gutlagynda: «1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyzlygymyzyň jar edilmegi bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak hakyndaky ençeme asyrlyk arzuwlary hasyl boldy. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,//Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn!» diýen ajaýyp jümleleri bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli döwletlilik taglymatyny dabaralandyrýar. Täze taryhy döwürde Garaşsyzlyk bize döretmäge joşgun, gurmaga kuwwat, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär» diýip belleýär.
Nygtalyşy ýaly, agzybir türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna joşgunly zähmet üstünlikleri bilen geldi. Dürli pudaklarda, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we innowasion esasda ösdürmekde, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ýetilen belent sepgitleriň, baş baýramyň şanyna ýaýbaňlandyrylan binagärlik-gurluşyk açylyşlarynyň, toý-dabaralaryň joşguny alyslara ýaň salýar. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly açylmagy, «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi, şeýle-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryndaky işlere badalga berilmegi ýaly göwün galkyndyryjy wakalar berkarar Watanyň okgunly ösüşleriniň aýdyň nyşanydyr.
Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkyň mizemez jebisligini, döwletlilik ýoluň dowamatyny ýene bir ýola görkezdi. Ählihalk geňeşinde «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň», «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasynyň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi bolsa halkda uly seslenme döretdi.
Gahryman Arkadag Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutanyny ykbala bagt şuglasyny çaýan, ähli ösüş-özgertmeleriň gözbaşynda duran mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, döwlet Garaşsyzlygyň binýadyny pugtalandyrmak, halkyň röwşen geljege ynamyny berkitmek, Bitarap Watanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrundaky asylly maksatlaryň üstünlikli amala aşmagyny, Beýik Garaşsyzlygyň şan-şöhratynyň ýeneki ösüşlerde ýollara ýagty saçmagyny arzuw edýär.