Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny öz adyndan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlap, hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Ilham Aliýew gutlagynda: «Soňky ýyllarda Türkmenistan uly ösüş ýoluny geçip, döwlet Garaşsyzlygyny barha pugtalandyrýar, okgunly durmuş-ykdysady ösüşe eýe bolýar, halkara giňişlikde ýokary abraýdan peýdalanýar. Azerbaýjan doganlyk Türkmenistanyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar hem-de ýurduňyzyň dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk syýasatyny hemişe goldaýar.
Taryhy kökler, umumy milli-ruhy gymmatlyklar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berk baglanyşykly halklarymyzyň erk-isleginden gözbaş alýan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesi hoşallyk duýgusyny döredýär.
Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklarymyz dürli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, iýun aýynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparyňyza ýokary baha berýäris, onuň çäginde geçiren gepleşiklerimiziň, gol çekilen resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýolunda möhüm sepgit bolandygyny bellemek isleýärin.
Azerbaýjan-türkmen dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, strategik hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn» diýip, belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa hemişe parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.