Ýewropanyň Merkezi banky öz kagyz pulunyň dizaýnynyň üýtgedilýändigini yglan etdi. Ýagny sazlaşdyryjy maliýe edarasy kagyz pullaryň bezegi babatda jemgyýetçilik pikir soralyşygyny tamamlady. Pullar täzelenen gorag serişdeleri bilen üpjün ediler.
Täze dizaýnly ýewro pullaryň 2030-njy ýyldan kem-kemden dolanyşyga girizilmegine garaşylýar. Häzirki kagyz pullar hem öz güýjüni saklap galar we täze pullar bilen deň ulanylmagyny dowam eder diýip, «news.by» ýazýar.