Turkmenportal logo
Düýn 23:59
1276612766
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Şu gün Arkadag şäherinde mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp ýaşaýyş  jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý edinen bagtyýar ýaşaýjylar üçin beýik baýramçylyk mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, täze jaýlarda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan we türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan aşhanalaryň, çagalara niýetlenilen we beýleki otaglaryň mümkinçilikleri häzirki zaman görkezijilerine doly gabat gelýär. Täze öýüň açarlaryna eýe bolan raýatlar şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş edendikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.