Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanyna bu ýokary sylag ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti göz öňünde tutulyp, halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şeýle Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli gowşuryldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurduň Hökümet agzalarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan döwlet Baştutanyny döwlet sylagy hem-de Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanyň, halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.