Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwerlik syýasatyna esaslanýan döwlet syýasatyny Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan ýurtda hemişelik ýaşamak isleýän daşary ýurt raýatlarynyň şahsy ýüz tutmalaryna seretmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan hossarlarynyň ýanynda ýaşaýan, ýurduň raýatlary bilen nika baglaşan, şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletler bilen wiza düzgüni geçirilmezden ozal, Türkmenistanda ýazga alnan daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylyk-da, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 146 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 16 milletiň wekilleridir. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek adamlardyr. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün geçirilen Hökümet we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň taslamasyny hödürledi.


Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli 5 müň 294 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.