Turkmenportal logo
25.09.2026
1373113731
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wolodin Russiýanyň Döwlet dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň başlygy wezipesine hödürlendi
Surat: interfax.ru

Wýaçeslaw Wolodin Döwlet dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň başlygy wezipesine hödürlendi, bu barada «Bütewi Russiýa» («Единая Россия») partiýasynyň başlygy Dmitriý Medwedewe salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Şeýle karary Medwedew Ýokary geňeş býurosynyň hem-de partiýanyň baş geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde habar berdi. «Döwlet dumasynyň başlygy barada. Men bu meseläni biziň döwletimiziň Baştutany Wladimir Wladimirowiç Putin bilen maslahatlaşdym. Wladimir Wladimirowiç Wýaçeslaw Wiktorowiç Wolodin bu wezipäni üstünlikli dowam eder diýip hasap edýär. Wýaçeslaw Wiktorowiçi bu wezipä hödürlemek barada teklibi goldaýaryn» diýip, Medwedew nygtady.