Turkmenportal logo
Düýn 15:15
1161111611
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç bildiriş kitaby açyldy

Aşgabatdaky Gazagystanyň ilçihanasynda Hazar deňzinde geçirilen harby okuw-türgenleşikleriň dowamynda heläk bolan 14 harby deňizçiniň hatyrasyna gynanç bildiriş kitaby açyldy we döwlet baýdagy aşak düşürildi. Bu barada diplomatik wekilhananyň işgärleri «Turkmenportal» neşirine habar berdi.

«Gynanç bildiriş kitaby sagat 11:00-dan 18:00-a çenli açyk bolar» — diýip, ilçihanada habar berdiler.

Harby gullukçylaryň wepat bolmagy bilen baglylykda, anna güni Gazagystanda umumymilli matam güni diýlip yglan edildi.

Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň bir gün öň habar bermegine görä, Hazar deňziniň kenaryndaky Mangistau welaýatynda geçirilen okuw-türgenleşikleriň dowamynda howanyň birden ýaramazlaşmagy we ýeliň güýçlenmegi sebäpli deňze 17 harby deňizçini tolkunlar alyp gidipdir. Olaryň 14-si heläk bolup, üçüsi halas edildi.

Pajygaly waka boýunça gulluk borçlaryna biperwaý garalandygy we gämi gatnawynyň kadalarynyň bozulandygy bilen bagly maddalaryň esasynda jenaýat işi gozgaldy. Pajyganyň sebäplerini we ýagdaýlaryny derňemek maksady bilen hökümet topary döredildi.