Turkmenportal logo
Düýn 13:07
1206712067
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Baýramçylyk günlerinde Aşgabatda nähili konsertler geçiriler?

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda dürli medeni çäreler geçiriler. Käbir konsertler barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

26-njy sentýabrda «Watan» kino-konsert merkezinde Meýlis we Musa Halbaýewleriň konserti geçiriler. Konsert 17:00-da başlanar.

27-nji sentýabrda «Watan» kino-konsert merkezinde türkmen estrada sungatynyň meşhur aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler. Konsertde Maksat Tuwakow, Parahat Pürjäýew we Begmyrat Çaryýew çykyş ederler. Konsert 19:00-da başlanar.

28-nji sentýabrda «Watan» kino-konsert merkezinde «Kino sazlarynyň altyn hazynasy» atly konsert geçiriler. Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, kompozitor Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky filarmoniýa ansambly tarapyndan söýlüp diňlenýän retro-filmlerde ýaňlanan, ýyllar geçse-de öz ähmiýetini ýitirmeýän sazlar ýerine ýetiriler. Konsert 19:00-da başlanar.