Turkmenportal logo
Şu gün 09:56
38533853
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow 11-12-nji noýabrda Antaliýada geçiriljek COP31 Liderler sammitine çagyryldy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy 11-12-nji noýabrda Antaliýada geçiriljek COP31 Liderler sammitine çagyrdy. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlagynda bellenilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gutlag hatynda şeýle diýilýär: «Doglan günüňiz mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, parahat we uzak ömür arzuw edýärin.

Diliň, medeniýetiň, diniň we taryhy kökleriň umumylygyna esaslanýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde yzygiderli ösdürilýändigi buýsandyrýar.

Sizi 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Antaliýada geçiriljek COP31 Liderler sammitinde görmäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize we ýakynlaryňyza berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin».