Turkmenportal logo
Şu gün 09:46
27862786
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralary geçirildi

24-nji sentýabrda  Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik ulgamynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Hökümet agzalary dabaralara gatnaşyjylary ýetip gelýän beýik baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurduň raýatlary ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Şeýle hem ýurduň birnäçe raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde, «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň halk suratkeşi», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.

Halkyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymdan gelýän däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady berlen ýaşuly nesliň wekilleriniň hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan zenanlaryň goşantlary aýratyn bellenildi.

Dabaralaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.