Turkmenportal logo
Düýn 09:30
68946894
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylmy derejeleri bermek dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.

Ylymlar akademiýasynda geçirilen dabara ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we Ylymlar akademiýasynyň alymlary hem-de ýurduň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Oňa laýyklykda, alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.