Türkmenistanyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk şäherinde geçirilýän BRIKS+ ýurtlarynyň Ýaşlar geografiýa forumyna gatnaşýarlar. Bu barada TASS ýazýar.
Bellenilişi ýaly, forum Türkmenistan bilen bir hatarda Hindistandan, Hytaýdan, Indoneziýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Nigeriýadan, Eýrandan, Efiopiýadan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Täjigistandan we Russiýanyň 21 sebitinden bolan gatnaşyjylary bir ýere jemledi.
Forumyň çäklerinde 21-nji sentýabrda Ulýanowsk oblastynyň ülkäni öwreniş muzeýinde «Kapitan Kusto Russiýada» atly sergi açyldy.
Forumyň gatnaşyjylary 23-nji sentýabrda Undory döwlet paleontologiýa goraghanasyna we «Undoriýa» geoparkyna baryp görerler. Olar paleontologik tapyndylaryň mysalynda ylmy barlaglaryň usulyýeti bilen tanşarlar. Myhmanlar üçin barlag materiallary bilen işlemek boýunça ussatlyk sapaklary, ylmy paleontologik materiallary gözlemek, kesgitlemek we saýlap almak boýunça meýdan çykyşlary geçiriler.
24-nji sentýabrda Russiýanyň Geografiýa jemgyýetiniň Moskwadaky ştab-kwartirasynyň binasynda ýolbaşçylar bilen duşuşyk, onlaýn çykyşlar, «tegelek stol» we syýahatçylyk maksatnamalary geçiriler. Forumyň netijeleri boýunça BRIKS+ Ýaşlar geografiýa assosiasiýasyny döretmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip düzüler.
Ýeri gelende bellesek, forum 21 — 24-nji sentýabr aralygynda geçirilýär. Ol birleşigiň 20 ýyllygyna hem-de BRIKS ýurtlarynyň Geografiýa gününe bagyşlanandyr.