Turkmenportal logo
Düýn 15:22
1250212502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«AZERÇAÝ» Türkmenistanda önümlerini iberýän sebitleriniň çägini giňeltdi

Azerbaýjanyň çaý öndürijisi «AZERÇAÝ» Türkmenistanyň bazaryndaky işini giňeltdi. Öň esasan Aşgabatda elýeterli bolan brendiň önümleri indi Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlaryna hem iberilýär. Kompaniýanyň bellemegine görä, üpjünçilik geografiýasynyň giňeldilmegi çaý önümleriniň ýurduň dürli sebitleriniň ýaşaýjylary üçin has elýeterli bolmagyna mümkinçilik berer.

«AZERÇAÝ» brendiniň Türkmenistandaky önümleriniň görnüşleriniň hataryna nusgawy gara çaý, şol sanda goýy tagamly ýaprakly Pekoe çaýy, ýeňil we hoşboý ysly gök çaý, miweli çaýlar, şeýle hem çaýyň baý tagamyny we ajaýyp ysyny söýüjiler üçin niýetlenen premium görnüşler girýär. Önümler hem çaý haltajyklary görnüşinde, şeýle hem ýaprakly görnüşde hödürlenýär. Önümleriň toplumy dürli ýagdaýlarda — gündelik maşgala çaý başyndan başlap, iş duşuşyklaryna we myhman kabul edişliklerine çenli çaý içmek üçin niýetlenendir.

Kompaniýanyň bellemegine görä, paýlaýyş ulgamynyň giňeldilmegi brendiň Merkezi Aziýadaky ornuny berkitmäge gönükdirilen strategiýanyň bir bölegidir. «AZERÇAÝ» indiki tapgyrda önümleri häzirlikçe hödürlenmeýän Mary welaýaty bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanda «AZERÇAÝ» brendiniň önümlerini paýlamak we lomaý sargytlar boýunça habarlaşmak üçin: