Turkmenportal logo
Düýn 15:16
93829382
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Saud Arabystanynyň CEER brendi ilkinji elektrik ulaglary bilen tanyşdyrdy
Surat: russian.news.cn

Saud Arabystanynyň CEER atly ilkinji awtoulag brendi hepdäniň duşenbe güni özüniň EXOBOT nyşanly ilkinji elektrik ulaglary bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň habarnamasyna görä, ýurduň özünde işlenip düzülen awtoulaglar ýokary dünýä ülňülerine laýyklykda döredilendir. EXOBOT sedany we ýolsuz ýerde gezýän ulaglary golaý bäş ýylda öndüriljek ýedi kysymyň ilkinjileridir. Kärhana şeýle hem dürli güýç gurnamaly orta göwrümli we ykjam awtulaglary öndürmegi meýilleşdirýär.

GEER kärhanasyny esaslandyran Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bolup durýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud täze awtoulaglaryň önümçiliginiň ýurduň durnukly hem-de gülläp ösýän senagat ekoulgamyny döretmekde nobatdaky ädim bolandygyny belledi.