Turkmenportal logo
Düýn 14:45
1183511835
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylda Türkmenistanda JIÖ-niň ösüşiniň 6,3 göterim bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň jemi içerki önümi 2026-njy ýylyň jemleri boýunça 6,3 göterim ýokarlanar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda mälim etdi diýip, TDH habar berýär.

«Ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy netijesinde, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini bellenen derejede saklanýar. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar» diýlip habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurduň maliýe bazaryny yzygiderli kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär. Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler.