Turkmenportal logo
Düýn 14:37
1293612936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda geçirilen sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň 80-e golaý agzasyna baýrak gowşuryldy

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy.

Sergide şekillendiriş sungatynyň ussatlary — nakgaşlar, heýkeltaraşlar, haly suratkeşleri, zergärler, keramikaçylar we dizaýnerler öz eserlerini görkezýärler. Sergi merkeziniň iki gatynda hem dürli eserler ýerleşdirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Serginiň açylyş dabarasynda halkara we döwlet derejesindäki sergilere işjeň gatnaşandyklary üçin Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň 80-e golaý agzasyna baýrak gowşuryldy.

Dabaranyň barşynda olar şowhunly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň we Şekillendiriş sungaty sergi merkeziniň ýolbaşçylygynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa ahalteke atynyň şekili çekilen halysy üçin baş baýraga mynasyp boldy.

Sergide görkezilen köp sanly eserlerde dürli temalar öz beýanyny tapýar. Olaryň arasynda türkmenistanlylaryň döredijilikli we bagtyýar durmuşy, tebigatyň we adamlaryň gözelligi, taryh we däp-dessurlar, söýgi, maşgala gymmatlyklary, çagalar we beýleki temalar bar.

Sergide zenanlaryň milli torbalarynyň, zergärçilik önümleriniň we gurjaklaryň ýygyndysynyň ekspozisiýalary hem görkezildi.