Turkmenportal logo
Düýn 14:18
1349713497
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň magistraturasyna okuwa iberildi

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Wepa Abdysetdarow we Mergen Nunnakow 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň magistraturasynda bilim almak üçin okuwa iberildi.

Türkmen mugallymlarynyň okuwy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy lideri» ösüş barlaglary maksatnamasynyň (JICA Development Studies Program «SDGs Global Leader») çäklerinde amala aşyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Magistraturanyň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen mugallymlary wodorod energetikasy we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim alarlar. Okuw döwründe olar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alyp bararlar hem-de bu ugurda Ýaponiýanyň tejribesini öwrenerler.