Geçen 2025-nji ýylda dünýäde adam sypatly robotlaryň 7 müň töweregi satylan bolsa, bu ýyl olaryň sany eýýäm 90 müň bolar diýlip çaklanýar. Bu barada «news.by» ýazýar.
Hünärmenler geljekde satuwlaryň gysga möhletli ösüşini çaklaýarlar, özem şunda esasy satyjy Hytaý bolar diýlip garaşylýar.
Dünýäde 4 million töweregi senagat robotlary bolup, olaryň sany her ýyl 500 müňe çenli artýar.
Häzirlikçe raýat maksatly şeýle robotlar awtoulag senagatynda peýdalanylýar, bu senagat önümçiligi robotlaşdyrmakda öňdebaryjydyr. Şeýle hem robotlar logistik maksatlar hem-de mahabat maksatlary bilen peýdalanylýar diýlip, habarda bellenýär.