Turkmenportal logo
Düýn 13:04
1072110721
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maslahat geçirmek meýilleşdirilýär

29-30-njy oktýabrda Aşgabatda metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Merkezi Aziýa üçin sebit ekologiýa merkeziniň (CAREC / РЭЦЦА) Türkmenistandaky taslama edarasynyň goldawy bilen guralar.

Taslama edarasynyň direktory M.Kepbanow 22-nji sentýabrda Türkmenistandaky Azerbaýjanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Gozalow bilen duşuşygynda maslahatyna taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Edaranyň beren maglumatyna görä, bu maslahat tejribe alyşmak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak we howa gatnaşyklary boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda döwürapbap çemeleşmeleri hem-de amaly çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.