Turkmenportal logo
Düýn 13:03
98099809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy açylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumy ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy günlerinde dabaraly ýagdaýda açylar. TDH-nyň habar bermegine görä, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Ýene-de sanlyja günlerden bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

«Gözelligiň we kämilligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip, dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär» diýip, Gahryman Arkadag belledi.

Bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurtda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlandy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi.

Şu ýyl Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara güwänamalar gowşuryldy. Atçylyk sporty bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary dünýä döwletleriniň birnäçesinde atlar we atçylyk sungaty bilen bagly geçirilen halkara maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler.

«Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bolsa ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda aýratyn möhüm waka boldy» diýip türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.