Turkmenportal logo
Düýn 12:18
84178417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Litwa Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň raýatlarynyň işlemek üçin ýüztutmalaryny kabul etmegi togtatdy
Surat: daryo.uz

Litwa Merkezi Aizýadan işlemäge gelýän işçileriň sanynyň artmagy bilen baglylykda, ýurduň Migrasiýa edarasy sebitdäki daşky merkezleriň işini togtatdy. Öň olaryň üsti bilen Litwa barmak we işe ýerleşmek barada arzalar kabul edilýärdi diýip, ady tutulan edaranyň başlygy Indre Gaspere salgylanýan «Daryo.uz» habar berýär.

Gasperiň sözlerine görä, soňky ýyllarda Merkezi Aziýadan gelýänleriň sany görnetin artdy. «Iş berijileriň, şeýle-de işe ýerleşmek barada ýüz tutýan daşary ýurtlularyň garaşmalaryny hasaba almak bilen, daşarky merkezleriň işi togtadyldy we arzalar indi kabul edilmeýär» diýen Gasperiň sözlerini BNS neşiri getirýär.

Edaranyň maglumatlaryna laýyklykda, 1-nji sentýabra çenli 227 müň daşary ýurtly Litwada işlemek barada rugsatnama aldy. Olaryň arasynda Ukrainadan, Belarusdan, Russiýadan we Özbegistandan bolan raýatlar bar. Şeýle hem ýurtda Hindistanyň 9,4 müň raýaty, Täjigistanyň 7,4 müň raýaty işleýär.