Häzirki güýçli El-Nino hadysasy bilen bagly adatdan daşary yssy howa golaý alty aýda goşmaça takmynan 451 müň adamyň ölümine sebäp bolup biler. Şeýle çaklamany Çikago uniwersitetiniň ýanyndaky Howany öwrenmek boýunça laboratoriýanyň hem-de Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary taýýarladylar. Alnan netijeler barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Aýratyn ýitgilere Nigeriýada, Indoneziýada, Sudanda, Hindistanda we Braziliýada garaşylýar. ABŞ-da bolsa, goşmaça 350 töweregi adam pidasy çaklanýar.
El-Nino tebigy howa hadysasy bolup, Ýuwaş ummanyň tropiki böleginiň merkezi hem-de gündogar çäklerindäki suwuň üsti gyzýar hem-de planetanyň köp sebitlerinde howanyň ýagdaýyny üýtgedýär. Töwekgelçilikler diňe bir yssy howa bilen bagly bolman, guraklygy, tokaý ýangynlaryny we sil joşmalaryny döredýär.
Çaklamalar 2026-njy ýylyň sentýabry bilen 2027-nji ýylyň fewraly aralygyna degişlidir, emma yssydan ýokary ölümlilik geljek iýun-iýula çenli saklanyp biler diýip, alymlar belleýärler. Olaryň sözlerine görä, 451 müň bu diňe çaklanýan görkezijidir. Ol yssyny takyk kesgitlemek, lukmançylyk gulluklaryny we köçede işleýän adamlaryň goraglylygyny ýokarlandyrmak ýaly gorag çärelerini görmek üçin hödürlenýär.