«Buker» edebiýat baýragynyň guramaçylyk geňeşi 2026-njy ýyl üçin baýraga dalaşgärleriň gysga sanawyny çap etdi, oňa hödürlenen 163 eserden 6-sy girdi. Jemleýji sanaw baýragyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Gysga sanawa Angliýadan, Şotlandiýadan, Ýamaýkadan hem-de ABŞ-dan awtorlar girdi. Olaryň arasynda öň baýraga mynasyp bolan Marlon Jeýms we Duglas Straut hem bar. Eminler toparyna gadymy golýazmalary öwreniji we ýazyjy zenan Meri Bird ýolbaşçylyk etdi.
Baýrak däp bolup gelşi ýaly, Beýik Britaniýada we Şotlandiýada neşir edilen iňlis dilindäki çeper proza eserlerine gowşurylýar. Bu ýyl baýraga dalaş edýän eserleriň arasynda antiutopiýadan we taryhy romandan başlap, häzirki zaman realistik proza hem-de satira görnüşli romanlar bar. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, saýlanyp alnan eserler özüňe akyl ýetirmegi, maşgala gymmatlyklaryny, ýalňyzlygy, adamyň kyn şertlerdäki göreşini hem-de onuň biçäreligini beýan edýärler.
Ýeňijiniň ady 9-njy noýabrda Londonda yglan ediler, ol 50 müň funt sterling, jemleýji tapgyra gatnaşyjylar 2,5 müň funt pul sylagyny alarlar.
Geçen ýyl «Buker» baýragyna wenger-britan ýazyjysy Dewid Soloýyň «Beden» romany mynasyp boldy.