Turkmenportal logo
Düýn 10:13
1442114421
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Hormatly il ýaşulusy» we «Zenan kalby» sylaglaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 23-nji sentýabrda gol çeken resminalaryna laýyklykda, ýurduň degişli raýatlary Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ada hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp boldular.

TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda dürli ugurlarda zähmet çeken, ýaşlary watansöýüjilik we halkyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada eýe bolan uly nesliň wekillerine we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan watandaşlara sylaglary gowşurdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde, mähriban halkyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alnyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurduň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy:

  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň professory Elaman Nurymow,

  • Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäherindäki «Baba Aly mes» dini guramasynyň baş ymamy Durdymyrat Bäşimow,

  • Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Şamuhammet Ballykowiç Şammaýew,

  • «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory Annabaýram Hojalyýewiç Paýaýew,

  • Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri öwrenmek, hasaba almak we pasportlaşdyrmak bölüminiň müdiri Babajan Amanowiç Gylyjow,

  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Hojageldi Rejepow,

  • Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Arapgala geňeşliginiň Arapgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aba Berdiýewiç Abaýew,

  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň inçekesel bölüminiň müdiri Gurban Gurbangeldiýewiç Gurbanow,

  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky «Senagat plastik» hojalyk jemgyýetiniň garawuly Hydyr Öwezowiç Arazow,

  • Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Rejepdurdy Aşyrowiç Tagyýew,

  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ýolly Güýjow,

  • Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Agöýli geňeşliginiň Üzümbag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allamyrat Garlyýew,

  • Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Maslahat geňeşliginiň Maslahat obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Begjan Dowletow,

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň müdiri Annamuhammet Weliýewiç Garaýew,

  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ereşbaý Jumaniýazow,

  • Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýnazar Ödäýew,

  • Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Berdimyrat Sylabowiç Ýakubow,

  • Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýdogdy Orazdurdyýewiç Paltaýew,

  • Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Muhommetmurat Atageldiýewiç Berdiýew.

Ýurduň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň «Miras» radioýaýlymynyň tolkuna goýberiş bölüminiň jogapkär kätibi — topar ýolbaşçysy Nurjahan Durdyýewna Saparowa,

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Arkadag şäherindäki 7-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Ogulkeýik Kakalyýewna Hojamýarowa,

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyndaky Resul Hojaberdiýew adyndaky 4-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulşeker Aşyrowna Muhammedowa,

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň bezegçisi Amantäç Bagyýewa,

  • Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Bereketli geňeşliginiň Uşak obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aksoltan Muhammedowna Annaýewa,

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Aknabat Gulmuradowna Amanowa,

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurygözel Sahatowna Muhammedowa.