Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary beýan edýän kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, döredijilik işgärleriniň ençemesi edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildi we degişli baýraklar bilen sylaglanyldy.
Karar metbugatda dolulygyna çap edilýär.