Turkmenportal logo
23.09.2026
6386863868
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda pensionerler we ýaş çagasy bolan zenanlar telekeçilik boýunça onlaýn okuw geçip bilerler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň «Telekeçiler mekdebi» jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasy «Telekeçilik işine giriş» okuw maksatnamasyna onlaýn görnüşde gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigini habar berdi. Okuw 2026-njy ýylyň oktýabrynda başlanýar. Maksatnama ýaş çagaly zenan telekeçiler, pensionerler, uzakda ýerleşýän etraplaryň ýaşaýjylary, okuwa gatnaşmakda çäklendirmeleri bolan adamlar we beýleki gyzyklanma bildirýän raýatlar üçin niýetlenendir.

Aralykdan geçirilýän okuwa ýazylmak üçin telekechilermekdebi.edu.tm saýty ýa-da telekechilermekdebi2009@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly ýüz tutup bolýar. Goşmaça maglumat üçin şu telefonlara jaň etmeli: 34-48-25, 34-48-10, +993 62 158744.

Mundan başga-da, «Telekeçiler mekdebi» «Topograf» hünäri boýunça ýüzbe-ýüz geçirilýän okuwa kabul edişligiň başlanandygyny habar berdi. «Topografiýa» diýlip atlandyrylýan okuw maksatnamasy 3+3 aýa niýetlenendir. Okuwy üstünlikli tamamlanlara her üç aýdan şahadatnama berilýär. Sapaklar hepdede 6 sagatdan, 12 hepdäniň dowamynda geçirilýär. Okuwyň umumy göwrümi 72 sagat.

Sapaklar Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 185-nji jaýynda — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynda geçirilýär. Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefonlara ýüz tutup bolýar: 34-48-25, 34-48-10, +993 63 527859.

Mundan başga-da, «Telekeçiler mekdebi» şu ugurlar boýunça okuwlary guraýar:

  • buhgalterçilik hasaba alyşyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary;

  • 1С maksatnamasynda buhgalterçilik hasaby;

  • işgärler, iş dolandyryş we arhiw işi;

  • 1С maksatnamasynda işgärleri dolandyrmak;

  • telekeçilikde gümrük işiniň esaslary;

  • gid-terjimeçi;

  • kompýuter sowatlylygy — I, II we III derejeler;

  • topograf;

  • sanly marketing we sanly mahabat.

Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama berilýär.

Okuwlaryň geçirilýän salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 185-nji jaý (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumy).

Goşmaça maglumatlar üçin telefonlar: 34-48-25, 34-48-10, +993 63 527859.