Ýeriň Demirgazyk ýarym şarynda, şol sanda Türkmenistanda hem indi gije gündizden uzyn bolar. 23-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 05:05-de astronomiki güýz başlandy. Şol pursatda Günüň görünýän diskiniň merkezi asman ekwatoryny kesip geçip, asman sferasynyň Demirgazyk ýarym şaryndan Günorta ýarym şaryna geçdi.
Bu kesişme pursadyna gije-gündiziň deňleşmesi diýilýär we ol ýylda iki gezek — ýazda we güýzde bolup geçýär. Şu pursatdan başlap Ýeriň Demirgazyk ýarym şarynda gije gündizden uzalýar. Günorta ýarym şarynda bolsa, tersine, astronomiki ýaz başlanýar we gijeler gysgalýar.
Gije-gündiziň deňleşmesi planetanyň köp böleginde gündiziň we gijäniň dowamlylygyny deňleşdirýär: Gün takmynan 12 sagat gözýetimiň üstünde, 12 sagat bolsa onuň astynda bolýar. Emma hakykatda 23-nji sentýabrda ýagtylyk döwri 12 sagatdan biraz uzak dowam eder. Munuň sebäbi Ýeriň atmosferasynda Gün şöhleleriniň döwülmegidir: synçy Günüň hakykatdaky ýagdaýyndan has ir dogýandygyny we has giç batýandygyny görýär. Gündiz bilen gijäniň doly deňleşmegi bolsa gije-gündiziň deňleşmesinden birnäçe gün soň bolup geçer.
Astronomlar gije-gündiziň deňleşmesiniň hut şol pursadynyň göni göz bilen synlap bolmaýandygyny belleýärler. Muňa garamazdan, onuň bilen baglanyşykly käbir hadysalary görmek bolýar. Mysal üçin, bu döwürde dolan Aý adaty ýagdaýdakydan has ir dogýar. Şeýle hem daň atmazdan öň zodiakal ýagtylygy synlamak has amatly bolýar. Bu gözýetimiň üstünde gowşak, konus şekilli şöhlelenme görnüşinde görünýän seýrek asman hadysasydyr.
Türkmenistanda güýzki gije-gündiziň deňleşmegi ýurduň ähli welaýatlarynda 3-nji sentýabrda başlan ekin güýzlük bugdaýynyň ekiş möwsüminiň dowam edýän döwrüne gabat gelýär.