Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky «Maslahat köşgünde» türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Gahryman Arkadag ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde asylly däplere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy we oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriň birine öwrülendigini, geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurduň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetendigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bedew batly ösüşini ynamly dowam edýändigini belledi.
Gahryman Arkadag Garaşsyzlyk toýunyň eziz Watana bolan milli buýsanjy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi.
Ýurduň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, ýaşulular, eneler, ýurduň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.