«Türkmennebit» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Şanhaýda geçirilen «HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisine baryp gördüler.
Türkmenistanyň hünärmenleri sergide emeli aňyň, bulut hasaplamalarynyň, sanly meňzeşlikleriň, 3D modelirlemegiň, akylly guýularyň we önümçilik desgalaryna sanly gözegçilik ulgamlarynyň iň döwrebap mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar — diýip, tngizt.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz pudagynda sanly tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça toplanan tejribe we täze innowasion çözgütler barada çykyş etdiler.
Serginiň dowamynda maglumat howpsuzlygy, kompýuter ulgamlarynyň täze nesli, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler boýunça hem netijeli pikir alyşmalar geçirildi.