Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy syýasy pikir alyşmalary sişenbe güni badalga aldy diýip, TASS agentligi habar berdi. Bir hepdede dünýä liderleriniň 130-a golaýy bütindünýä guramasynyň ştab-merkezinde häzirki halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar diýlip, habarda bellenýär.
Umumy pikir alyşmalar 22-26-njy sentýabr aralygynda bolar hem-de 28-nji sentýabrda jemlener. Olarda 193 sany agza-döwletleriň, synçy-döwletleriň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri nobatma-nobat çykyş edip, möhüm syýasy meseleler babatda öz pikirlerini beýan ederler.
81-nji sessiýanyň mowzugy «Ynamy dikeltmek, özgerişlikleri dolandyrmak: hemmeleriň abadançylygy üçin işleýän BMG» diýlip kesgitlendi. Sessiýa Bangladeşiň DIM-niň başlygy Halilur Rahman başlyklyk edýär.