Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň Sterlitamak şäherindäki iri söwda toplumynda dörän ýangynda üç aýal we 16 ýaşly ýetginjek gyz ejir çekdi. Bu barada Başgyrdystanyň saglygy goraýyş ministri Aýrat Rahmatullin habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Ejir çekenler hassahana ýerleşdirildi, olaryň biriniň ýagdaýy agyr, galanlary orta derejeli agyrlykda hasaplanýar. Zenanlaryň biriniň ýangyn başlananda, söwda merkeziniň üçünji gatyndan özüni ýere oklandygy aýdylýar.
Ýangyn binanyň ikinji gatynda döräp, tiz tutuş topluma ýaýrapdyr. Işgärleriň bir bölegi penjireden çykyp halas bolupdyr. Ýangynda üç adam pida bolupdyr. Betbagtçylyk bilen bagly derňew işi açyldy diýlip, habarda bellenýär.