Turkmenportal logo
23.09.2026
91539153
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Merkezi Aziýa+Italiýa» işewürlik platformasynyň forumyna gatnaşdy

18-nji sentýabrda Astana şäherinde «Merkezi Aziýa+Italiýa» işewürlik platformasynyň forumy geçirilip, onuň çäklerinde «B5+ITALY» meýdançasy resmi taýdan işe girizildi. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi habar berýär.

Forumyň işine Italiýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Täjigistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede Italiýa ýurduň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretarynyň orunbasary Mariýa Tripodi wekilçilik etdi.

Forumda Italiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň giň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň düzümine söwda we maýa goýumlary, senagat kooperasiýasy, tehnologik özgertmeler, ulag we logistika, sebit hablarynyň ösdürilmegi, möhüm minerallar, «ýaşyl» energetika we durnukly ösüş, şeýle hem agrobiznes, oba hojalyk önümlerini çuňňur gaýtadan işlemek, energetika we nebit hyzmatlary girdi.

Işewürlik forumyny geçirmek başlangyjy 2025-nji ýylyň maý aýynda Astana şäherinde Premýer-ministr Meloniniň gatnaşmagynda geçirilen «Italiýa — Merkezi Aziýa» (5+1) sammitiniň amaly dowamy boldy hem-de Italiýa bilen sebitiň bäş ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde täze tapgyry alamatlandyrdy diýlip, habarda bellenilýär.