Turkmenportal logo
23.09.2026
67196719
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serbiýanyň günorta-günbatarynda ilkinji gar ýagdy
Surat: inkorr.com

Bu möwsümdäki ilkinji gar Serbiýanyň günorta-günbataryndaky Iwanisa munisipalitetiniň çägindäki Goliýa daglyk etrabynda hasaba alyndy. Bu barada Sebit habarlar agentligine salgylanýan TASS habar berdi.

Agentlik ýerli ýaşaýjylaryň biriniň: «Biz uzak we sowuk gyşa öwrenişdik, emma sentýabrda gar ýagmagy her niçik bolsa-da ünsüňi çekýär» diýen sözüni getirýär.

Tomus aýlarynda uzaga çeken ýokary howa derejesinden soňra Serbiýa sentýabryň birinji ýarymynda sowuk howa geldi. Şol sanda 22-nji sentýabrda Belgradda ilkinji gar ýagdy.