Türkmenistan 18-nji sentýabrda Moskwa şäherinde GDA-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky merkeziniň Ýolbaşçysynyň ýanyndaky hemişelik hereket edýän maslahatyň mejlisine gatnaşdy.
Duşuşyga Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilmegine görä, gatnaşyjylar terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek babatdaky ýagdaýyň häzirki zaman bahalandyrmalary hem-de onuň GDA giňişligindäki ösüş çaklamalary barada pikir alyşdylar.
Çäräniň gün tertibinde 7-8-nji oktýabrda Belarus Respublikasynda GDA — ŞHG Terrorçylyga garşy göreşmek forumyny geçirmek, şeýle hem 2027-nji ýylda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmegiň derwaýys meseleleri boýunça çärýekde bir gezek çap edilýän GDA-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky merkeziniň býulletenini taýýarlamagy guramak meselelerine aýratyn üns berildi.