Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri «Lapis Lazuli» ulag-geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak we olaryň hereketini ýeňilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iş duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyk 21-22-nji sentýabrda aralygynda Owganystanyň Hyrat şäherinde geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Taraplar migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
«Lapis Lazuli» («Lazurit geçelgesi») ulag-üstaşyr geçelgesi — Owganystany Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäkleri arkaly Ýewropa bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen döwrebap multimodal ugurdyr.