Turkmenportal logo
23.09.2026
55265526
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Barnem obasy Beýik Britaniýadan aýry bolmak isleýär
Surat: news.by

Beýik Britaniýada Piddington diýen kiçeňräk ilatly ýeriň yzysüre Saffolk graflygyndaky Bernem obasy hem özbaşdak bolmak barada sala salşyk geçirmek isleýär. Bu barada «The Daily Telegraph» neşirine salgylanýan «news.by» habar berdi.

Obanyň ýaşaýjylary harby-howa güýçleriniň ýerli bazasynda gaçybatalga soraýanlary ýerleşdirmek maksatnamasyna garşy çykyş edýärler. Mundan öň kiçeňräk Piddington diýen ilatly ýeriň ýaşaýjylarynyň 92 göterimi hem golaýdaky migrasiýa merkezi sebäpli ýurduň düzüminden çykmak barada ses beripdiler.

Barnemiň ýaşaýjylary öz diýenlerini gögertmek üçin bir oba bolup göreşeniňden iki oba bolup göreşeniň has netijeli boljakdygyny belleýärler.  Emma olaryň arz-şikaýatlaryna häkimiýetler heniz gulak gabartmaýar diýlip, habarda bellenýär.