Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Konsert başlamazyndan öňürti oňa gatnaşyjylar Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Soňra baýramçylyk konserti göwünleri galkyndyryjy ajaýyp çykyşlar bilen açyldy. Konsertde Garaşsyz Watanyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ajaýyp sahnada ýerine ýetiren aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna, çagalar döredijiliginiň päkligine beslendi. Şeýle hem onda sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy, zehini tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatlarynyň ussatlary bilen bir hatarda sungat ýoluna ýaňy gadam basan ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Olar häzirki zaman liriki eserleri, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny we täze eserlerini ýerine ýetirdiler.
Şowhunly küştdepdi tansy konsertiň uly täsirli çykyşlarynyň biri boldy. Konsertiň ahyrynda ýaňlanan, oňa gatnaşyjylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen «Şöhrat bolsun, şan bolsun Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza!» diýen aýdym ýurtda ajaýyp seneleriň, şol sanda Türkmenistanyň ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllyk senesiniň ýokary derejede dabaralandyrylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.