Turkmenportal logo
22.09.2026
86398639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanyp türkmen ýokary okuw mekdebinde okuw seminary geçirildi

Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe gabatlanyp, Türkmen oba hojalyk institutynda «Ekologiýa we sanly dünýä: ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly ylmy seminar geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» internet gazetiniň habar bermegine görä, seminaryň gatnaşyjylary ýaşlaryň ekologiýa boýunça ylmy-amaly çärelere işjeň gatnaşmagyny, geljekde «ýaşyl» başlangyçlaryň, innowasion taslamalaryň we ekologik medeniýetiň ösdürilmegini üpjün etmek wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de daşky gurşawy goramak we jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin häzirki zaman sanly mümkinçilikler barada gürrüň edildi.

Seminaryň dowamynda talyplar degişli ugurlar boýunça tanyşdyrmalary bilen çykyş etdiler, olar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa ylmy-bilim tejribesini alyşmaga, talyplaryň bilimlerini giňeltmäge we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam etdi.