Turkmenportal logo
22.09.2026
1985519855
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azmun Özbegistan we Russiýa bilen duşuşyklaryň öňüsyrasynda Eýranyň ýygyndysyna gaýdyp geldi

BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun ýene-de Eýranyň milli ýygyndysynyň düzümine goşuldy.

Hüjümçi Özbegistanyň (24-nji sentýabr) we Russiýanyň (29-njy sentýabr) ýygyndylary bilen boljak dostluk duşuşyklarynyň öňüsyrasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyryldy.

«2014-nji ýyldan bäri milli ýygyndynyň lybasynda köp zatlary başdan geçirdim. Toparyň düzüminde bolmadyk wagtymam ondan aýrylan ýaly duýmadym. Ýüregim topar üçin gynanýardy we oýnuň öňüsyrasynda ýurduň senasyny eşitmäge howlukýardy. Ýene-de çagyrylandygymy bilenimde, ilkinji gezekki ýaly begendim. Hiç kime öýke-kinäm ýok. Subut etmeli zadym ýok. Diňe tüýs ýürekden söýýän ýurdum üçin göreşmäge ýene-de mümkinçiligimiň bardygyna begenýärin. Gaty ýüregim gysdy. Ine-de men gaýdyp geldim!» – diýip, Azmun öz sosial ulgamynda paýlaşdy.

Hüjümçiniň milli ýygyndydaky hasabynda 91 duşuşyk we 57 gol bar. Ol «Roma» (Italiýa), «Baýer» (Germaniýa), «Rubin», «Zenit», «Rostow» (ählisi – Russiýa) we beýleki birnäçe toparlarda çykyş edipdi.

Azmun Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Kümmetkowus şäherinde dünýä indi we gelip çykyşy boýunça türkmendir.

Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 24-nji sentýabrda Fergana şäherindäki «Istiklol» stadionynda geçiriler. Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky duşuşyk bolsa 29-njy sentýabrda Kazan şäherindäki «Ak Bars Arena» stadionynda geçiriler.

Ozal 31 ýaşly futbolçy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna gatnaşyjy türgenleriň sanawyna girizilmändi.