Turkmenportal logo
22.09.2026
1856418564
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

RF-niň Prezidenti döwlet Baştutany doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadaga mähirli salamyny beýan etdi.

Döwlet Baştutany mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny tüýs ýürekden hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezident ses berlişigiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Russiýanyň parlamentiniň täze düzümine ýurduň we onuň raýatlarynyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen özara ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.