Moskwa şäherinde Halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça strategiki toparyň 2-nji mejlisi bolup geçdi.
Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Estoniýa Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Demir ýol ulgamy boýunça Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň sahypasynda habar berilýär.
Mejlise gatnaşyjylara Halkara demir ýol ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça Konsepsiýanyň taslamasyny ylalaşmagyň tertibi we ýagdaýy barada maglumat berildi.
Duşuşygyň dowamynda GDA giňişliginde konteýner otlularynyň hereketiniň göni grafigini we ony berjaý etmegiň gözegçilik ulgamyny döretmek, şeýle hem kadalaşdyryjy binany döwrebaplaşdyrmak we gözegçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak meselelerini işläp düzmek barada çözgütler kabul edildi.