Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ermenistan Respublikasynyň milli baýramy – garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, diplomatik korpusyň, ylmy, jemgyýetçilik we işewürlik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan ermeni watandaşlary gatnaşdylar.
Ýygnananlara Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol Garaşsyzlygyň ermeni halky üçin diňe bir taryhy saýlaw bolman, eýsem döwrebap döwletiň kemala gelmeginiň, onuň edaralarynyň berkidilmeginiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň esasy bolandygyny belledi.

Ilçiniň sözlerine görä, 35 ýylyň dowamynda Ermenistan ykdysady ösüşi, döwrebaplaşdyrmagy we halkara gatnaşyklaryny giňeltmegi utgaşdyryp, ynamly öňe gitmegini dowam etdirýär. Ol statistik maglumatlary hem getirdi: 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda ýurtda ykdysady işjeňlik 7,9% ýokarlandy, ikinji çärýekde jemi içerki önümiň ösüşi 6,7% boldy. Senagat önümçiligi ýanwar-iýul aýlarynda 9,5%, hyzmatlar ulgamy birinji ýarym ýylda 11%-den gowrak, gurluşyk pudagy bolsa ikinji çärýekde takmynan 20% ösüş görkezdi.
Awagýanyň sözlerine görä, oňyn depgin daşary söwdada hem saklanyp galýar: 2025-nji ýylda ermeni gelip çykyşly harytlaryň eksporty 4,46 milliard amerikan dollaryna ýetip, 2017-nji ýylyň görkezijisinden iki esseden gowrak ýokary boldy.
Ilçi şeýle hem syýahatçylyk pudagynyň ösüşini belledi: 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Ermenistana 1 million 42 müňden gowrak syýahatçy geldi – bu birinji ýarym ýyl üçin rekord görkezijidir.

Çykyşda ykdysadyýetiň we döwlet dolandyryşynyň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Diplomatyň sözlerine görä, Ermenistan yzygiderli suratda elektron döwlet hyzmatlaryny, döwrebap maliýe tehnologiýalaryny we tehnologik telekeçilik üçin infrastrukturany ösdürýär. Ilçi tehnologik ösüşiň täze tapgyrynyň aýdyň mysaly hökmünde 2026-njy ýylyň awgust aýynda Razdan şäheriniň golaýynda «NVIDIA» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredilen «Firebird AI» kompaniýasynyň iri emeli aň merkeziniň açylandygyny agzady. Taslamanyň birinji tapgyry «NVIDIA Blackwell» kysymly 6 müňden gowrak grafik prosessoryň gurnalmagyny, takmynan 18 MWt kuwwaty we 500 million amerikan dollary möçberinde maýa goýumlary göz öňünde tutýar. Awagýanyň belleýşi ýaly, taslama Ermenistanda doly bahaly tehnologik ekoulgamyň kemala gelmegine we döwletiň, hususy pudagyň, uniwersitetleriň hem-de tehnologik kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Kabul edişligiň sazly bezegini «Neowave Band» topary üpjün etdi, toparyň ýerine ýetirmeginde ermeni, türkmen we gündogar sazlary döwrebap owazlarda ýaňlandy.

Kabul edişlik agşamynyň dowamynda myhmanlaryna ermeni milli tagamlary hödürlenildi.