Türkmenistanyň Garaşsyzlygyynyň 35 ýyllyk baýramyna, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň giň köçeleri, gözel şaýollary we kaşaň binalary dürli görnüşdäki bezegler bilen bezelip, şanly seneleriň ähmiýetini şöhlelendirýän dabaraly görnüşe eýe bolýar.
Köçeleriň ugrunda ýerleşdirilen elektron tablolarda:
«Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun!»,
«Garaşsyzlyk — baky bagtyýarlygymyz»,
«Garaşsyzlyk — mizemez berkararlygymyz»,
«Garaşsyzlyk — mukaddes baýlygymyz» ýaly şygarlar peýda boldy.


Paýtagtyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna ýokary derejede, bökdençsiz hyzmat edýän awtobuslarda hem Halk Maslahatynyň öňde goýýan möhüm wezipelerini, ýurduň ösüşlerini we halkyň agzybirligini şöhlelendirýän «Halk Maslahaty — halkyň bähbidine», «Halkyň guran baky beýik binasy» ýaly şygarlaryň ýerleşdirilmegi ünsüňi çekýär.