Turkmenportal logo
22.09.2026
1411114111
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.

Sergini muzeýiň medeni-magaryf bölüminiň müdiri Döwletmyrat Rejepow açdy. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphana bölüminiň müdiri, akademiýanyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Aýjemal Baýramowa we beýlekiler bar.

Muzeýiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, sergide esasy orun Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri baradaky suratlara we maglumatlara berlipdir.