Kompost we kömelek öndürmek bilen meşgullanýan «Tokaýçy» kompaniýasy boş iş orunlaryna işgärleri işe kabul edýändigini habar berdi.
Kärhana jemi 40 işgäri — 25 gyzy we 15 oglany işe çagyrýar. Başlangyç aýlyk zähmet haky 3500 manatdan başlanýar. Iş beriji işgärleri günortanlyk we agşamlyk nahary bilen, şeýle hem ýaşamak üçin jaý bilen üpjün edýär.

Boş iş orunlary bilen gyzyklanýanlar aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler: +993 61728897 we +993 64711577.