Türkmenistanyň energetika pudagy gaz çykarmak, Hazar deňzinde gözleg işlerini geçirmek, sebit infrastrukturasyny ösdürmek we tehnologik taýdan kämilleşdirmek boýunça iri taslamalaryň ilerledilýän şertlerinde ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. Bu barada «GaffneyCline» halkara energetika konsalting kompaniýasy sebit boýunça direktory Stiw Trewersiň «Turkmen Energy Forum» tarapyndan ýaýradylan makalasynda aýdylýar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, halkara energetika pudagynyň üns merkezi Türkmenistanyň tebigy baýlyk mümkinçilikleriniň möçberinden taslamalary durmuşa geçirmek, infrastrukturany ösdürmek, bazarlara çykalgany giňeltmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly amaly ugurlara barha köp gönükdirilýär. Bu täze tapgyry kesgitleýän esasy şertleriň biri hökmünde «Galkynyş» gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek görkezilýär. Onuň dördünji tapgyrynyň başlanmagy täze önümçilik guýularynyň burawlanmagyny we harytlyk gazyň önümçiligini artdyrmak üçin gazy taýýarlamak infrastrukturasynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Makalada bellenilýän ýene bir ugur Hazaryň türkmen bölegindäki gözleg işlerinden ybarat. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 1-nji blogyň çägindäki «Magtymguly» käninde A8 baha beriş-gazyp çykaryş guýusy synaglaryň dowamynda ep-esli mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi. Sebitdäki geljegi uly täze meýdançalar bolsa geologik we seýsmiki barlaglaryň kömegi bilen öwrenilmegini dowam etdirýär.
Materialda taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre çenli gaz geçirmekden ybarat bolan TAPI gaz geçirijisine (Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan) hem aýratyn orun berilýär. Bu gaz geçirijisi Türkmenistanyň gaz baýlyklaryny Günorta Aziýanyň ösýän bazarlary bilen baglanyşdyrmalydyr. «GaffneyCline» kompaniýasy serişde binýadynyň we infrastrukturasynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň möhümdigini belleýär: «Galkynyş» käniniň özleşdirilmegi gaz çykaryş kuwwatyny artdyrýan bolsa, TAPI sebitleýin bazarlara çykmaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň bahalandyrmagyna görä, gaz baýlyklaryny özleşdirmek, Hazarda gözleg işlerini geçirmek, infrastruktura mümkinçiliklerini giňeltmek we ulanylýan känlerde tehnologik taýdan kämilleşdiriş işlerini geçirmek halkara operatorlary, inženerçilik we hyzmat kompaniýalary, tehnologiýa işläp taýýarlaýjylary hem-de konsalting kompaniýalary üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

«GaffneyCline» kompaniýasy «Turkmen Energy Forum» forumynyň tehniki hyzmatdaşy we Aşgabatda 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň bilelikdäki guramaçylarynyň biridir.
Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşiniň indiki tapgyry diňe bir onuň tebigy baýlyklar binýadynyň möçberi bilen däl, eýsem taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilişi, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy we halkara hyzmatdaşlygyň berkligi bilen hem kesgitlener.