23-nji sentýabrda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňýanynda forumyň wekilleri üçin giň gerimli medeni maksatnama guraldy diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda türkmen halkynyň üýtgewsiz ýörelgelerini, watançylygyny we taryhyny özünde jemleýän «Ak at» spektaklynyň görkezilmegi bu maksatnamanyň möhüm wakalarynyň biri boldy.
Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.
Baýramçylyk maksatnamasynyň sazlaşykly dowamy hökmünde milli kinematografiýanyň gazananlary bilen tanyşlyk guraldy: «Aşgabat» kinoteatrynyň ekranlarynda «Uly baýragyň gymmaty» filmi görkezildi.
Ýokary halk häkimiýeti forumynyň wekilleri baý medeni maksatnamanyň ýurtda emele gelen ruhy göterilişiň aýdyň beýany bolandygyny biragyzdan bellediler.