Turkmenportal logo
21.09.2026
1660716607
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halk Maslahatyna gatnaşyjylar Aşgabada geldiler

Düýn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada ýurduň welaýatlaryndan ildeşleriň uly topary geldi. Olar ähli amatlyklary özünde jemleýän «Aşgabat» hem-de «Sport» myhmanhanalarynda ýerleşdiler. Ýurduň dürli künjeklerinden gelen dili senaly ýaşulularyň, kanun çykaryjy häkimiýetiň we syýasy partiýalaryň agzalarynyň, beýleki ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň gözel paýtagta saparynyň çäklerinde medeni maksatnama hem göz öňünde tutuldy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Aşgabadyň demir ýol we Halkara howa menzillerinde guralan çäreler oňa gatnaşyjylara toý ruhuny bagyşlady. Berkarar Watanyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şoňa görä-de, 23-nji sentýabrda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezer. Şol taryhy wakalara gözli şaýat boljak ildeşlerimiz hem mejlisde aýdyljak möhüm tekliplere öz seslerini goşarlar.

Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, konsert boldy. Paýtagtyň myhmanlary «Watan mukaddesligi» muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler, Mukamlar köşgünde konserte tomaşa etdiler. «Aşgabat» kinoteatrynda, kinokonsert merkezlerinde dürli görnüşli filmleriň görkezilmegi bolsa olaryň oňat dynç almagyny üpjün edýär.