Şwesiýadaky Kebnekaýse dagynyň günorta beýikligi buzlugyň eremegi bilen baglylykda, boýuny ýitirýär. «Azertaj» agentliginiň habar bermegine görä, her ýylky ölçemelere görä, öň beýikligi deňiz derejesinden 2088,3 metri düzen bu dagyň boýy bir ýyl öňküden 10 santimetr kiçidir.
Stokgolm uniwersitetiniň Tarfala ylmy barlag bekediniň maglumatlaryna laýyklykda, 1951-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän barlaglara görä, günorta gerşiň 30 metr töweregi kiçelendigini hasaba alyndy.
Deňeşdirmek üçin, geçen ýyl bu geriş 1,5 metr, rekord yssy hasaba alnan 2024-nji ýylda bolsa, 3,4 metr kiçelipdir.